Milli terbiýe — milli ýörelge

21 Maý 2024
586

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halal ýaşamak, arassa zähmet çekmek, bilimli-ylymly bolmak, Watanyňy söýmek, däbiňe-dessuryňa hormat goýmak, döwletli maşgalaly bolmak ýaly ajaýyp durmuş ýoluny salgy berýär. Magtymgulynyň eserleri dünýä dillerine terjime edilip okalýar.

Magtymguly Pyragy diňe bir öz ýaşan döwrüni däl, eýsem, uzak geljegi nazarlap, şygyr döreden beýik şahsyýetdir. Mekdeplerde okuwçylaryň arasynda matematikadan, fizikadan, himiýadan, edebiýatdan, taryhdan, biologiýadan gyzyklanýan okuwçylary okadýan mugallymlar goşmaça ýumuş berip, nusgawy edebiýatymyzy wagyz edip durýarlar. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde şahyryň goşgulary okalýar. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge uly täsir edýär.

Amanbibi GYLYJOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar