Akyldaryň şygyrlarynda halk döredijiligi

16 Maý 2024
418

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy halk döredijiliginiň eserleriniň dürli görnüşleriniň çeperçilik tärlerini we şirinligini öz eserleriniň süňňüne siňdirmegi ussatlyk bilen başarypdyr.  Halk döredijiligindäki göçme manyly idiomatik söz düzümlerinden başlap, türkmen nakyllarynyň baý many-mazmunynyň heňňamlara siňen bakylygyny goşgularynda diýseň ezberlik bilen ulanypdyr. «Çopan adam çoka bolmaz, // Ala garga oka gelmez» ýaly jaýdar söz düzümlerini şahyr öz goşgularynda beýan edipdir.

Türkmen halk döredijiliginiň asyl ýordumynda päk niýetli halal zähmet we parahat, agzybir durmuş bar. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen atalar sözi dürli röwüşde, her hili pikir-garaýyşlarda Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýär.

Merjen ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar