Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

15 Maý 2024
288

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar