“Akylly şäher” konsepsiýasynyň aýdyň nusgasy

15 Maý 2024
234

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitde durnukly, “ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Alişer BABAKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar