Milli gymmatlyklara sarpa

14 Maý 2024
543

Asyrlarboýy kämilleşdirilip, halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden orun alan milli çaga egineşikleriniň halkyň däpdessuryny, durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän aýratynlyklary bardyr. Eziz çagalarymyzyň egineşikleriniň nusgalarynda zenanlarymyzyň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini görmek bolýar. Häzirki wagtda hem ähmiýetini ýitirmeýän çaga egineşikleriniň özboluşly taýýarlanyş usully, nagyş bezegli çeper keşbi kämil başarjaňlygy talap edýär.

Çaga egineşikleri türkmen halkynyň medeniýetini we durmuşyny açyp görkezmek bilen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli egineşikleriň diňe bir biçüwi däl, eýsem, görnüşleri hem özboluşlylyga beslenýär. Çagalara niýetlenen ezýaka köýnekleriň, donlaryň, ýeňsizleriň dürli görnüşleri, kürtekçeler, kirlikler, başgaplar ajaýyp bezeglidir. Çaga eşikleriniň hersiniň öz niýetlenen ýeri bardyr. Toýbaýramlarda nagyşlanan ezýaka köýneklerdir donlar geýdirilse, öýdeiçde olara ýörite eşikler niýetlenýär.

Ogulsona BOPPYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12nji çagalar bakjabagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar