Meniň pikirimçe

8 Maý 2024
1149

Ykballar bagtdan ýalkansyn!

Durmuş çözmesi kyn bolan juda çylşyrymly meselä çalymdaş. Bu, aýratynam, ýaňy durmuş gurup, maşgala bolýan ýaş gelinler üçin şeýle. Adam başyna düşýän kynçylyklary ýeňip geçmek üçin dünýägaraýyşyny, gözýetimini, düşünjesini giň saklamaly, akyl-paýhasyny çuň tutmaly hem-de örän sabyrly we geçirimli bolmaly. Beýle bolmak, esasan-da, gaýyn-gelin gatnaşygynda zerurdyr. Meniň pikirimçe, gaýynene öz çagalary bilen gelniniň arasynda ýakymly gatnaşygy saklasa, maşgalada hiç hili dawa-jenjelem, goh-galmagalam bolmazmykan diýýän.

Beýleki habarlar