Ruhy baýlygyň çeşmesi

8 Maý 2024
1361

Halkymyz kitaba uly hormat goýýar, onuň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetirýär. Kitap ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurdygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Belli türkmen alymy Zamahşary «Ylym pikirlenmekdir» diýipdir. Orta asyryň alym ussatlarynyň biri Fahreddin er-Razy başga iş bilen meşgul bolýan wagtynda-da, kitap okapdyr. Öýünden medresä barýança hem, kitap okapdyr. Ol wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edipdir» diýen setirler bar. Munuň özi kitabyň durmuşda näderejede ähmiýetlidigini, gymmatlydygyny görkezýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda halkymyzda, şol sanda ýaşlarda kitap okamaga, onuň many-mazmunyna dogry düşünmäge bolan isleg we höwes has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kitaphana işi hem özgerýär, ösýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda ruhy baýlygyň çeşmesi bolan kitaplar geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklanýar. Häzirki wagtda döwletimizde kitaphana işini has-da kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň maglumat-tehnologiýa mümkinçilikleri yzygiderli kämilleşdirilýär.  

Aýläle Nurmämmedowa,
Gyzylarbat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar