Bol hasyl almakda mineral dökünleriň ähmiýeti

2 Maý 2024
1164

Häzirki wagtda ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Oba hojalyk pudagyny döwrebap talaplara görä netijeli ösdürmek, ekinlerden ýokary hilli hasyl almak boýunça uly işler dowam edýär. Şunda topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Toprakdan bol hasyl almakda mineral dökünleriň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle dökünler ösümlikleriň iýmitlenmegi, topragyň hasyl berijiliginiň gowulanmagy üçin zerur bolup durýar. Mineral dökünler ýokary we durnukly oba hojalyk hasylyny almak maksady bilen ulanylýar. Türkmenistanda mineral dökünleri öndürýän himiýa kärhanalarynyň birnäçesi bar. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy, azot dökünlerini öndürýän «Tejenkarbamid», «Maryazot», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň, kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen üpjün edýär.

Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar