Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap atçylyk sport toplumynda däp bolan dabaraly çäreler guraldy. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly çykyşlar, edebi-sazly kompozisiýalar boldy. Halypa we ýaş suratkeşleriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergileri görkezildi. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan at çapyşygy bolsa has-da täsirli duýgulara baý bolup, baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.