Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar soňra baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Uly şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary halkymyzyň tutumly toýlarynyň dabarasynyň has-da belende göterilýändigini alamatlandyrdy. 5 aýlawdan ybarat bolan at çapyşyklaryna tomaşa edenler bedewleriň «ýelden ýyndam» diýdirýän çalasynlygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Baýramçylyk at çapyşyklarynyň arasynda ýaňlanan halk aýdymlary dabaranyň milli aýratynlygyna öwrüldi.