«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024
Beýik Ýeňiş indi 79 ýyl bäri ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Näçe ýyl geçse-de, çuňňur hoşallyga doly näçe söz aýdylsa-da, biz weteranlaryň öňünde baky bergidardyrys. Hawa, wagt olaryň hataryny barha azaldýar, ýöne olaryň biziň jemgyýetimizde uly üns we yssy mähir bilen gurşalyp alnandygy has möhümdir, olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy gurşalyp alnan ýatlamalary has gymmatlydyr. Şunuň ýaly hormata we alada tylyň yhlasly zähmetkeşleri, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary-da we şol ýyllaryň agyr synagyny başdan geçirenleriň ählisi mynasypdyr.