Maşgala terbiýesinde asylly ýörelgeler

23 Aprel 2024
1000

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.

Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ermangül BEŞIMOWA,
Çärjew etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar