Tehnologiýalar merkeziniň ylmy açyşlary

22 Aprel 2024
1115

Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Şu maksat bilen, Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize ýandakdan (Alhagi persarum) taýýarlanan dermanlyk ekstraktynyñ mikrokapsulirlenen görnüşe geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi:

— Biz biotehnologiýa tejribehanasynyň beýleki hünärmenleri bilen birlikde, ýandakdan mikrokapsulýasiýa etmek üçin tehnologiýany işläp düzdük. Şonuň bilen hem bize ýandagyň çig malyndan suwuk ekstrakty almak başartdy. Şeýlelikde, ýandagyñ ekstraktyny kapsula ýerleşdirdik.

Sahypany taýýarlan Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar