Gaýtalanmajak mukam

19 Aprel 2024
1291

Adamyň kalby onuň içki dünýäsi. Içki dünýäniň hemişe gowulyklardan ylham almagy, gözelliklere guwanyp ýaşamagy, gabat gelýän ejizlikleri ýeňip geçmegi her ynsanyň özüne bagly. Şeýle duýgular bilen ýaşaýan adam daş-töweregini gurşaýan tebigat gözelliklerine guwanyp, olary ajaýyp dünýä öwürmäge ymtylýar. Şu babatda ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy owadan dünýäniň aşygy bolandyklaryny nygtamakçy. Olar gözellikleri nagyşlarda göz öňüne getirip, keşdä salypdyrlar, hala çitipdirler. Belki, şondandyr, olaryň hiç bir çyzgysyz ýerine ýetiren el hünärleri, döredijilik ylhamy kalbymyzda ýüpek tarlaryň gaýtalanmajak mukamy bolup ýaňlanýandyr. Perzendi kemala getirmek, olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň özeninde bolan ýagşy gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary siňdirmekden ötri, ene-mamalarymyzyň ajaýyplyklary döretmäge-de mähirlerini, söýgülerini bagyş edendiklerine haýran galýarsyň.

Keşdeli dünýä

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar