Tutanýerliligiň daşy

19 Aprel 2024
1140

Oniks kwars toparyna degişli bolup, silikat düzüminden emele gelýär. Ol kwarsyň ak we gara zolak geçýän halsedonly görnüşiniň biridir. Mineral, köplenç, bezegleri we şaý-sepleri ýasamak üçin ulanylýar. Oniks daşynyň daşky görnüşi barada aýdanymyzda, mineral dürli reňkleri we üýtgeşik tebigy nagyşlary, şeýle-de çydamlylygy bilen tanalýar. Oniksiň gara reňklisi we aýna ýaly dury görnüşi iň gymmatly hasaplanýar. Bu daş özüne çekiji görnüşe we özboluşly mozaika nagşyna eýe bolup, olardan, köplenç, şaý-sepler we heýkeller ýasalýar.

Oniks, başgaça, «nogat», «onihion» diýlip hem atlandyrylýar. Reňkleri barada aýdanymyzda, köplenç, ak-gara ýa-da gara-mele görnüşde bolýar. Ýöne onuň gyzyl, ýaşyl, sary we gülgüne reňklerine hem duş gelinýär. Bu mineral eýesinde ynam döredýär, oňa her bir işde dogry karar çykarmaga kömek edýär, ýaramaz (negatiw) täsirlerden goraýar. Oniks tutanýerliligiň, durnuklylygyň we deňagramlylygyň nyşany hasaplanylyp, ondan ýasalan şaý-sepdir heýkelleri, köplenç, öýde, iş ýerlerinde goýýarlar ýa-da sazlaşyk üçin ýany bilen alýarlar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar