Merwiň syrly söhbetleri

18 Aprel 2024
1048

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde mekan tutan gadymy türkmen topragy asyrlaryň söhbedini süňňüne siňdiren taryhy ýadygärlikleriň, galalaryň, şäherleriň... mekany. Olaryň hersi halkymyzyň baý taryhynyň bellibir döwri hakdaky täsin eser. Şeýle eserleri özüne siňdiren ýadygärlikler gadymy Mary topragynyň hem her menzilinde öňüňden çykýar.

Ýekedeşik. Tagtabazar etrap merkeziniň golaýynda, Murgabyň çep kenarynda ýerleşýän Ýekedeşik gowaklar ulgamy — hakyky täsinlikler mekany. Ýarym silindr görnüşli gümmezli uzyn däliziň ugrunda birleşýän jaýjagazlardan ybarat ýerasty şäheriň ýekeje girelgesi bolansoň, oňa «Ýekedeşik» diýip at beripdirler.

Rabiýa HUSEÝINOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar