Welaýatymyzda Oraza baýramy bellenilýär

10 Aprel 2024
722

Şu gün döwletli Diýarymyzda pederlerimizden geçip, şu günümize gelip ýeten gadymy baýramlarymyzyň biri bolan Oraza baýramy bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda mukaddes baýramy maşgala ojaklarynda garşylan ildeşlerimiz säher bilen metjitlerde baýram namazyna durup, ýagşy doga-dilegleri etdiler.

Oraza baýramynyň bu däbine biziň welaýatymyzda hem eýerilip, ir säher bilen sebitdäki ähli metjitlere mähelle ýygnandy. Olarda agzybirlik bilen baýram namazlary okaldy.

Beýleki habarlar