Gadymy Änewiň suw desgasy

9 Aprel 2024
1171

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy sarpalamak we ony wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň baý taryhynyň öwrenilmegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär.

Änew özüniň taryhy, gadymy we orta asyr medeniýeti bilen ençeme ýyllardan bäri alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Änewiň orta asyrlara degişli öwrenilmeli desgalarynyň biri hem suw desgasy bolan orta asyr sardobasydyr. Bu desga orta asyrlarda Änewde gyzgalaňly ýaşaýşyň bolandygyny, ýerli ilatyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny görkezýändir. Bu sardoba barada Änew medeniýeti bilen gyzyklanan A.W.Komarow, R.Pampelli, A.A.Semýonow, Ý.A.Kobranow ýaly alymlar birnäçe maglumatlary beripdirler.

Atanur KLYŞOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar