Sportuň hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetiň kämilleşmegindäki ornuna berilýän ähmiýet Watanymyzda bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Şunlukda, Watanymyzda sportuň görnüşleri boýunça dünýäniň hem-de sebitiň iň uly ýaryşlarydyr sport baýramçylyklary ýaýbaňlandyrylýar.
Köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleriniň yzygiderli guralmagy bilen, sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar. Elbetde, şeýle möhüm çärelere jemgyýetiň uly ýaşly böleginden başlap, ýaş nesilleriň hem işjeň gatnaşmagy Watanymyzyň aýdyň geljegi bolan ýaşlaryň beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.