ÖŇDEBARYJY TEHNOLOGIÝALARY ORNAŞDYRMAK BILEN TÄZE ÜSTÜNLIKLERE TARAP

5 Aprel 2024
452

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň sanly giňişliginde  alnyp barylýan işleri bir ýere toplamak arkaly häzirki wagtda ykdysadyýetiň ösüşine täsir edýän iň gymmatly serişde hasaplanylýan maglumaty jemlemäge mümkinçilik berer. Bu maglumatlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşini çaklamakda we ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalary işläp düzmekde bahasyna ýetip bolmaýan serişdedir.

Internetiň peýda bolmagy bilen ykdysadyýet üçin hem täze döwür başlandy. Elektron ykdysadyýetiň konsepsiýasy bolsa geçen asyryň soňky on ýyllygynda döredi. Wagtyň geçmegi bilen maglumat tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini barha artdyrdy. Bank, saglygy goraýyş, ylym-bilim, mahabat, onlaýn, bölek söwda we marketing ýaly ugurlara sanly ykdysadyýetiň täsiri has-da uly boldy. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalara esaslanýan elektron telekeçilik, elektron söwda arkaly ýerleşdirilýän önümçilik harytlar we hyzmatlar bilen bagly ykdysady işjeňlige öwrülen sanly ykdysadyýet dünýä ýüzünde giňden ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, elektron senagatynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döremegine hem ýardam edýär.

Atamyrat SAZAKOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar