NESILLERE MERTEBE

5 Aprel 2024
423

Halkymyz perzent terbiýesine, olaryň sowatly, peder ýoluna ygrarly nesiller bolup ýetişmeklerine hemişe aýratyn üns berýär. Garaşsyz ýurdumyzyň nesilleri ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam edip, mertebeli milletiň wekilleri hökmünde batly gadamlar bilen öňe barýarlar. Munuň özi şöhratly taryhymyzyň, baý geçmiş mirasymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň, geçen şanly ýollarymyzyň ähli döwürlere ýetirýän mizemez täsiridir.

Çünki türkmen taryhy, medeniýeti we sungaty nesilleri hemişe özara baglanyşdyrýar. Ol ýaşlaryň terbiýesine, kemally önüp ösmegine, öz düýni, şu güni bilen tanyşmagyna, ertirine nazar aýlamagyna itergi berýär. Şoňa görä-de ýaşlar ýurduň taryhy, onuň dünýä medeniýetiniň ojagy hökmünde umumadamzat gymmatlyklaryna goşan saldamly goşandy bilen yzygiderli tanyşýarlar, okaýarlar, ürç edip öwrenýärler we wagyz edýärler.

Aýbölek REPBIMOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar