TANADYM ÄDIGINDEN...

3 Aprel 2024
507

«Aý dogar gädiginden...» diýip, aşyk-magşuklaryň ýeke-täk şaýady bolan gijäniň tämiz çagyndan habar berýän gyz öz aşygyny ädiginden tanandygyny aýdýar.

Aslyndada, her millet öz häsiýet aýratynlygy, hulk-häsiýeti boýunça tanalýar. Bu babatda hem türkmen zenanyna degişli ilkinji häsiýet asyllylyk, sypaýylyk, utanjaňlykdyr. Gadymy döwürlerde gije Aý dogandan soň ýygnanyşyp läle kakan, monjugatdy atan türkmen gyzlary öz köňülde besleýän arzuwlaryny hem birek-birege gönümel aýdaýman, syrly setirleriň üsti bilen beýan edipdirler. Iň täsin ýeride, şol syrly setirleri öz dilinden aýtmaga ejap edýän gyzlar, özünden öňki monjuk çykaran gyzyň aýdan monjugatdysyny özüne degişli hasap edip, utanjaňlygyň iň bir näzik hem nepis taraplaryny ýüze çykarypdyrlar.

Aýgül GARAÝEWA
«Esger» gazetiniň habarçysy
Beýleki habarlar