GYZ BESLENER KÜMÜŞ BILEN...

3 Aprel 2024
355

Türkmen zergärçilik sungaty özünde gadymy medeniýetiň öwüşginlerini saklaýar. Şaý-bezegleriň özi bir uly ylymdyr. Ol taryhy döwrüň içinde halkyň ylmynyň, aňynyň, ýaşaýşynyň, zähmetiniň, duýgusynyň içinde gaýnap bişen ussatlaryň bütin ömründe taplanyp, olaryň biziň günlerimize galdyryp giden bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr.

Geçmişde türkmen zenanlarynyň arasynda şaý-sepleri olaryň ýaş aýratynlygyna, däp-dessurlara görä dakynmak ýörgünli bolupdyr. Şaý-bezegler olary dakynýanlaryň kimdigi, olaryň jemgyýetdäki orny, ýaşy, maşgala ýagdaýy hakynda hem maglumatlary beripdir. Kümüşden ýasalan şaý-sepleriň  köp bölegi bezeg hem gorag ähmiýetli dakynylan bolsa-da, käbir şaýlary uly gyzlar we ýaş gelinler ýörite toý däp-dessuryny ýerine ýetirenlerinde dakynypdyrlar.

Akbike JUMAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar