Ynsanperwerlik ýörelgeleri pederlerimizden gelýän göreldedir

3 Aprel 2024
288

Bahar paslynyň häzirki ajaýyp günlerinde asmandan inýän ak ýagyşlaryň  topragy janlandyryşy ýaly, haýyr-sahawat hem ynsan kalbyna mähribanlyk we ynsanperwerlik nuruny çaýýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ynsanperwerligi, haýyr-sahawatlylygy, ýagşy niýetliligi, rehimdarlygy ömrüň manysy hasaplapdyrlar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat bermek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň iň naýbaşy adamkärçilik däpleriniň biridir. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem pederlerimizden dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl dolmagy mynasybetli geçirilen dabara aýratyn mana eýe bolup, ähli ynsany haýra, sahawata, rehimdarlyga çagyrýan asylly işleriň dabaralanmasyna öwrüldi hem-de göwünleri galkyndyrýan şanly wakalara beslendi. «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirilip, onda haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetirýän işleriniň ösüp gelýän ýaş nesliň, şeýle-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde uly ýardam berýändigi hem-de gaznanyň döredilen gününden başlap, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň hemaýata mätäç çagalaryna-da ynsanperwer kömegini bermek işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi buýsançly çykyşlaryň üsti bilen aýratyn nygtaldy. Hemaýata mätäç çagalar hakynda uly alada edýän, olaryň sagdyn, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri maslahata gatnaşyjylaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Akbäbek Satlykowa,
«Balkan».
Beýleki habarlar