Gadymy Änewiň müdimi şöhraty

3 Aprel 2024
417

Welaýat döwlet drama teatrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň kitabynyň çapdan çykmagynyň şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy giň äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly waka öwrülendigini nygtadylar.

Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gymmatly maglumatlaryň her biri ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Ata-babalarymyzyň gurmak hem-de döretmek ýaly sogaply ýörelgeleri, halkymyzyň şöhratly geçmişi barada giňişleýin gürrüň edilýän ajaýyp kitaby okanyňda, keremli topragymyza, eziz Watanymyza bolan söýgiň has-da artýar. Şöhratly pederlerimiziň, senetçi ussalarymyzyň guran binalarynyň dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan sungatdygyny açyp görkezýän Änew medeniýeti, ýadygärlikleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar