Ketenim — buýsanjym

3 Aprel 2024
445

Ene-mamalarymyzyň mähir siňdirip döreden el işleri nesilden-nesle geçip, ajaýyp zamanamyzda mynasyp dowam etdirilýär. Gözel gelin-gyzlarymyzyň keşbine ýaraşyk berýän keteni hem gadymdan gelýän nepis sungatlaryň biridir. Owadanlykda, nepislikde deňsiz-taýsyz keteniler tarada dokalypdyr. Dürli ot-çöplerden alnan reňkler bilen boýalmagy olara aýratyn öwüşgin beripdir. Pisse agajynyň hasyl getirmedik ýyly onuň ýapraklaryndan döreýän ösüntgiden alynýan buzgunç boýag bolsa ketenä aýratyn ýakymly ys beripdir. Irki döwürlerde, esasanam, gyzyl reňkli keteniler eý görlüpdir. Bu köýneklik matany gyz-gelinlerimiz dürli keşdeler bilen bezäp geýipdirler.

Keteniler reňki, hili, esasan hem, saglyk üçin peýdalylygy bilen beýleki matalardan tapawutlanýar. Häzirki döwürde  hem işine çeper gelin-gyzlarymyz arassa ýüpekden keteniniň dürli görnüşlerini dokaýarlar. Matanyň reňk öwüşginini has-da baýlaşdyrýan mähriban zenanlarymyz dürli reňkdäki ketenileri milli nagyşlar bilen bezeýärler.    

Gurbansoltan Hajyýewa,
Gyzylarbat etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar