Änew medeniýeti we muzeý işi

1 Aprel 2024
473

Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu habar bizi — muzeý işgärlerini hem diýseň begendirdi. Çünki häzirden onuň bilen baglanyşykly birnäçe ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär hem-de geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ol duşuşyklar, ylmy maslahatlar, geçiriljek sergidir gezelençler türki halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we türki halklaryň medeniýetleriniň içgin öwrenilmegine itergi berer diýip ynamly aýtmak bolar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň Oguz han döwründen bäri gözbaş alyp gaýdýan geçmiş taryhyny, medeni mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, şeýle hem medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, merdana ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy-medeni mirasyna hormat goýmak maksady bilen hem uly işler alnyp barylýar. Gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmegi bolsa uly ähmiýete eýedir. Taryhy kökleri asyrlara uzap gidýän türkmen döwletiniň gadymylygyna ata-babalarymyzdan galan arheologiýa, taryhy, şeýle-de arhitektura ýadygärliklerimiz bolan galalar, depeler şaýatlyk edýär.

Gülnara ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ylmy-usulyýet we muzeý işleri boýunça jemleýji bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar