«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Döredijilige göwün berip, teatra we kino sungatlaryna muşdak bolan Begenç Hojaýew şol ugurdan bilim alsa-da, soňlugy bilen nesibesini başga ulgamdan gözläpdir. Emma ol häli-şindi halypa artistler, režissýorlar bilen pikir alşyp durýar. Şol gürrüňdeşliklerde eşiden wakalaryny bolsa kagyza geçirip, okyjylar bilen paýlaşmak üçin redaksiýa iberipdir.