Myhmanlar «akylly» şäherde

29 Mart 2024
413

26-njy mart­da Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.

«Arkadag».
Beýleki habarlar