Bagtyýar hem sagdyn durmuşyň nyşany

23 Mart 2024
403

Berkarar döwletimizde halkymyzyň sagdyn, ruhubelent, eşretli durmuşda ýaşamagy, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegi, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. 16-njy martda hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berilmeginiň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirdik.

Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de beýleki dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar