Abadan durmuşyň güwäsi

23 Mart 2024
342

Eziz Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Diýmek, sport hem-de ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berilýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäreleri we welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesi bilen ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi hem gözel tebigatymyzy goramak ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şol çärelere ildeşlerimiziň müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar