Yl­ham çeş­me­si

23 Mart 2024
352

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de umu­ma­dam­zat me­de­ni ösü­şi­niň göw­her ga­şy­na öw­rü­len hem-de kök­le­ri müň­ýyl­lyk­la­ra ara­laş­ýan mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, baý me­de­ni­ýe­ti­mi­zi öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­ny üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi hem aň­ry­ýa­ny bi­len tas­syk­la­ýar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da döw­le­ti­miz­de we da­şa­ry ýurt­lar­da dür­li ugur­ly çä­re­ler has-da da­ba­ra­ly ge­çi­ril­ýär. Köp san­ly mas­la­hat­lar, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­dyr bäs­le­şik­ler, şa­hy­ryň dür­li dil­ler­de ne­şir edi­len ki­tap­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry, ser­gi­ler, kon­sert­ler, sah­na oýun­la­ry, çe­per we do­ku­men­tal ki­no­film­ler, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dur­muş ýo­lu­na, fi­lo­so­fik ga­ra­ýyş­la­ry­na we dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan ki­tap­la­ryň we ýy­gyn­dy­la­ryň ne­şir edil­me­gi bar­ha go­laý­la­ýan baý­ram­çy­ly­ga gaý­ta­lan­ma­jak öwüş­gin çaý­ýar.

Azat DÖW­LE­TOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gyň Türk­me­na­bat şä­her bö­lü­mi­niň döw­let bel­li­ge aly­jy­sy.
Beýleki habarlar