Halklary jebisleşdirýän täze gün

22 Mart 2024
395

Düýn Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» geçirilen dabaralar ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly beýanyna öwrülip, olarda ata-babalarymyzyň nusgalyk däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

Biz hem baýramçylyk dabaralaryna gatnaşan myhmanlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýurdumyzda Nowruz baýramynyň bellenilişi baradaky gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar