Aksakgallar Geňeşi — medeni-taryhy nukdaýnazar

21 Mart 2024
478

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen pajarlap ösýän döwletimiziň halkara, diplomatik gatnaşyklardaky üstünlikleri, ýurdumyzyň syýasy durmuşyndaky wakalar, halkyň hem döwletiň şu günki güni bilen bir hatarda, geçmiş hem geljek bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa syýasy taýdan-da, durmuş-ykdysady, medeni nukdaýnazardan-da örän ähmiýetlidir.

Golaýda paýtagtymyzda bolup geçen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz dürli ugurlar, şol bir wagtda taryh, medeniýet babatda düýpli, wajyp meseleleri gozgady. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň «TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmeze beren interwýusynda: «Türki Döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygy taryhy şertler bilen baglydyr. Munuň biziň halklarymyzyň dil, medeni we milli taýdan umumylygy, asyrlaryň dowamynda ykballarynyň baglanyşykly bolandygy bilen kesgitlenendigini men ençeme gezek belläpdim» diýip nygtamagynyň aňyrsynda örän giň geçmiş ummany ýaýylyp ýatandyr. Ýagny kowumdaş halklar bolan türkmen hem-de türki halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlygyň, syýasy we medeni gatnaşyklaryň kökleri geçmiş-wagt ummanyna tarap uzalyp gidýär. Taryh halklaryň heňňamlaryň dowamynda geçen ýolunyň aýnasydyr. Türkmen halky bilen beýleki türki halklary özara birleşdirip duran zat bolsa, ilki bilen, taryhdyr, geçmiş hakykatlarydyr. Şu hakykat eýýäm IX — X asyrlardan başlap, Anadoly ýarym adasyna, häzirki Türkiýe döwletiniň çäklerine aralaşyp, Kiçi Aziýadaky Seljuk-türkmen döwletini, ençeme beglikleri we atabeglikleri esaslandyran türkmen taýpalarynyň medeni ulgamyndan, syýasy, harby ukyplaryndan, aňyýet-filosofik gatnaşyklaryndan, däp-dessurlaryndan gözbaş alýar.

Baýram TAGAN,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar