Telekeçileriň giň gerimli sergisi hususy pudagyň köpugurly mümkinçiliklerini görkezdi

21 Mart 2024
1235

17 — 19-njy martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük sergi guraldy. Onuň çäklerinde maslahat hem geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilýän «täze önüm», «importyň ornuny tutýan önümçilik» ýa-da «innowasion tehnologiýa» ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Diwarlyklarda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýan Telekeçiler mekdebi, «Bäsdeş» söwda öýi, «Birleşme gurluşyk» birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan «Rysgal» gazeti barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Beýleki habarlar