Bahar gelse, Zemin bolar lälezar

23 Mart 2024
366

Güneşli Diýarymyza bahar geldi, özi bilenem nurana baýramy — Nowruzy getirdi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli welaýatymyzda şatlyk-şowhunly çäreler biri-birine ulaşdy. Şeýle dabaralaryň biri Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirildi. Bu ajaýyp ýaýlany synlanyňda, tebigatyň sahawatly türkmen topragyna ajaýyp gözelligi eçilendigine magat göz ýetirýärsiň. Daş-töwerege bezeg berýän al-elwan güller, owlak-guzularyň, guşlaryň sesi ajaýyp sazlaşyk döredip, ýaýla toý ruhuna beslendi.

Aýzada Muhammedowa,
«Balkan».
Beýleki habarlar