Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

20 Mart 2024
343

Ajaýyp döwrümizde abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabat şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek subut etdi.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen forumyň ýurdumyzda geçirilmegi halkymyzy çäksiz begendirdi, buýsandyrdy. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize bildirilen uly hormat hem ynamdyr. Özara netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, häzirki zaman jemgyýetini sazlaşykly ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda mejlisiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Onda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy ýurdumyzyň oňyn garaýyşlary barada boldy. Şonuň ýaly-da, forumyň dowamynda Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alşyldy, köp sanly täzeçil garaýyşlar we anyk başlangyçlar beýan edildi. Bu ynsanperwer garaýyşlardyr başlangyçlar doganlyk halklaryň dostlugynyň, abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň hem-de söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň berk binýady bolup hyzmat eder.

Şamyrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar