21-22-nji mart — Milli bahar baýramy
Bahar paslynyň gözelligine gözellik goşýan nurana baýram — täze günüň, täze ýylyň başlanýandygyny buşlaýan Nowruz tebigatyň täzeleniş baýramydyr. Merkezi Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar halklarynda müňlerçe ýyllar bäri bellenilýän gadymy baýramlaryň biri bolan Nowruz türkmen halkynyň milli mirasyna, däp-dessuryna siňen we döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýän şanly seneleriň biridir.