Ýurdumyzyň altyn gaznasy

20 Mart 2024
1117

17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär.

Sergiler merkeziniň giň zalynda joşgunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Sergä gatnaşyjylarydyr myhmanlary döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar