Nepis sungata sarpa

20 Mart 2024
1242

Howa sowap, ýagynly gün bolanda, ýyly otagdaky penjiräniň öňünde oturyp, daşaryny synlamak endigi köplerde bar bolsa gerek. Eliňde bir käse gyzgyn çaý bilen halaýan kempudyň dagy bolaýsa-ha, asla ýeriňden gozganasyň hem gelmez. Şeýle günler men-ä ejemiň gursakçasyny egnime atyp, onuň mähir ýylysyna çoýunyp oturan ýaly bolýaryn. Wah, käbäm, senli ýatlamalarym bilen ikiçäk galmagy şeýle bir halaýaryn welin, şol pursat özümi iň bagtly adam saýýaryn. Çünki ýyllar bizi näçe daşlaşdyrsa-da, şol pursat sen ýanymdasyň, eýýäm kem-kemden gözümde öçüşip barýan keşbiň ýene nura dolup, mähirli roýuň, ýakymly ýylgyryşyň bütin durkumy gaplap alýar. Seni ýanymda ýaly duýýaryn, mundan lezzet alýaryn, käbäm! «Onda näme üçin gözüň ýaşly?» diýýän ünjüli sesiňi eşidýän ýaly bolýaryn. Gözümden biygtyýar syrygýan ajy ýaşlary saklamaga meniň erkimem, güýjümem ýog-a, käbäm!

Ýagyş güýçlendigiçe, aýna degýän damjalar ýakymly owaz edýär. Sen hem bir işe gümra bolanyňda, hiňlenmegi gowy görerdiň. Esasan-da, haly dokanyňda ýa-da el işlerini edeniňde, mylaýym owaz bilen ýuwaşjadan halaýan aýdymyňy aýdardyň. Sen çalaja seslenýänsiňem welin, biz ony kän bir eşitmesek hem, kalbymyz bilen duýýan ýalydyk. Gijara öý işlerini boldum eden ejem ýa haly dokardy ýa-da tikin tikerdi. Erkek doganym öýlenip, maşgalamyzda agtyga garaşylanda, ejem bäbek üçin ähli eşikleri öz eli bilen taýýarlapdy. Ol naşyja köýnejiklerdir balajyklary, düşekçedir ýorgançany tikip, tamyň töründe duran sandyga salyp goýýardy.

Gülşat TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar