Geljek şu günden başlanýar

20 Mart 2024
400

Galkynyşly döwrümizde maşgala haýyrly, Watana gerekli, ile-güne peýdaly ýaşlary kemala getirmek möhüm mesele bolup durýar. Belent maksatlara ynam bilen ýetmek üçin ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebine daýanylýar. Eždatlarymyz bu möhüm işe heniz perzent dünýä inmänkä girişipdirler. Munuň üçin maşgalada agzybirlik, sagdyn ýaşaýyş berkarar edilipdir. Körpeliginden maşgala mekdebiniň «terbiýeçilik derslerini» geçen çagalar soňy bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryna garylyp-gatyşyp gidipdiler. Bu ýagdaý ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ähmiýetli bolupdyr. Çagalara beýik döwrümizde mynasyp bilim-terbiýe bermek, olaryň sagdyn we bagtyýar ösmeklerini gazanmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan uly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary hossarlyk aladasy bilen gurşap alýar. Şu ýylymyzyň bosagasynda döwlet Baştutanymyz halkymyza ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserini sowgat etdi. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ajaýyp kitap ýaşlara, olaryň durmuşyna, şu gününe we geljegine bagyşlanandyr. Hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly eseriň eýýäm ilkinji sahypasynda: «Biz ýaşlara Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip ýazmak bilen, ýaş nesle bildirýän belent ynamyny aýdyň beýan edýär.

Bu babatda bellenilenleri abraý bilen berjaý etmek üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň, örän amatly şertleriň döredilýändigi bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip düzülen Oba milli maksatnamasynyň çäginde welaýatymyzda döwrebap bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek, ýaşlary beden taýdan taplamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Meni körpeler üçin döredilýän amatlylyklar aýratyn guwandyrýar. Döwletimiziň maşgalany giňden goldamagy netijesinde çagalaryň dogluşy ýyl-ýyldan artýar. Biz bolsa çagalar bagymyzda körpeleri mähir-alada bilen gurşap alýarys. Okuw-terbiýeçilik işlerinde kämil usullara daýanylmagy gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Maksadymyz kämil şahsyýetleri ösdürip ýetişdirmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň bagtyýarlygy ýaşlaryň elindedir. Olaryň beýik döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri bolsa biz — ululara baglydyr. Şol sebäpli mundan buýana-da röwşen geljegimiz ugrundaky hereketiň öň hatarlarynda bolarys.

Aýna JORAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 55-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar