Döwletli döwranda zenan sarpasy

20 Mart 2024
1609

Maşgala sütüniniň binýady, ahlak gözelliginiň nusgasy saýylýan zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belent tutmak, olary sarpalamak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly ýörelgelerimiziň biridir.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan ugur alnyp, gelin-gyzlarymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatymyzda möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Çünki bu günki gün mährem zenanlarymyz maşgala abadançylygyny berkitmek bilen birlikde on barmagynyň hünäri bilen halkymyzyň şöhratly, ösüş-özgerişli ýoluny dünýä ýaýýarlar. Berkarar Watanymyzda mähriban enelerimiz yhlasly hem-de döredijilikli zähmeti bilen ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde giň gerimli işleri alyp barýarlar. Gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik senagat toplumlarynda döredijilikli zähmet çekýärler.

Selbi AÇILOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar