Eden işi nusgalyk

6 Mart 2024
1430

Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçe geňeşliginiň Boroşly obasynda ýaşaýan Akjagül Durdyýewa 97 ýaşy arka atan zenan. Ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, öňüne zenan geçirmedik Akjagül obadaşy Remezan Durdyýew bilen durmuş gurýar. Uruş döwrüniň güzabyny gözi bilen görüp, egni bilen çekýär.

— Özüm hem kakamyň elinde enesiz ýetimlik bilen ulaldym. Uruş döwri bize has agyr geldi. Obamyzyň ähli erkek adamlary urşa gidenden soň, agyr işler zenanlaryň gerdenine düşdi. 15-16 ýaşymyzdan haşar etdik, gazy gazdyk. Işden soň gijäniň ýaryna çenli öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdik, ellik-jorap örerdik, ik egrerdik, kilim, haly, palas dokardyk. Şonda-da ruhdan düşmän, ýeňşe garaşdyk. Sabyr edip, şu günlere — eşretli döwre ýetdik. Pensiýalarymyz, aýlyk, kömek pullary wagtynda berlip dur. Elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Häzirki parahat döwrüň gadyryny bilip ýaşaň! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Häzirem 97 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklaryma, ýuwluklaryma el işlerini öwredýärin, alaja, aldymgaç, jorap örmegi öwretmegi borjum hasap edýärin — diýip, mährem ene gürrüň berýär.

Magsat JUMAÝEWA,
Hojambaz etrabyndaky 25-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar