Kerem-keramatdyr eneler

5 Mart 2024
1389

Şahyr «Dünýäniň bar durky enedir, ene...» diýip belleýär. Şahyryň bu ajaýyp pikiri bilen ylalaşmazlyk asla mümkin däl. Biziň ählimiz üçin bu gojaman dünýä öz ejemiz, enelerimiz bilen bile dörän ýaly. Ýaşaýşyň başynda enäniň durandygy üçin, kämahal, «Pany dünýäniň döreýşiniň gözbaşynda-da ene duran bolaýmasyn?» diýen sowal seriňe gelýär. Bu sowalyň çözgüdi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda örän aýdyň jogapda jemlenýär.

Kitapda: «Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýlip bellenilýär. Bu paýhasly jümlelerde ojagyň odunyň hemişe alawlap, ýyladyp durmagynda agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň höküm sürmegini gazanýan, şol öýüň keşigini çekýän enäniň ornunyň uludygy nygtalýar.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar