Dünýä uzaýan ýollar

22 Fewral 2024
1580

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyz häzirki wagtda hem dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary saklap, dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ilerledýär. Dürli ýurtlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, awiasiýa pudagyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli giňeldilýär. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan uçarlar satyn alynýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä belli kompaniýa bilen baglaşylan şertnama esasynda şeýle uçarlaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda, ikinjisi şu ýylyň 5-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Täze uçarlaryň satyn alynmagy dosta uzaýan ýollaryň örüsiniň giňemeginde hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman uçarlarynda amala aşyrylan Aşgabat — Abu-Dabi, Aşgabat — Kuala-Lumpur, Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça ilkinji halkara howa gatnawlaryny munuň aýdyň güwäsi hökmünde bellemek bolar. Täze gatnawlar daşary döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny barha berkitmek bilen birlikde, syýahatçylygyň giňden ösdürilmegine-de ýardam edýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar