Üns beriň, bäsleşik!

19 Fewral 2024
608

«ARKADAG HEM ARKADAGLY SERDAR BILEN BAGTYÝAR SIZ,
PYRAGYNYŇ WASP EÝLÄNI, ZENANLARMYZ — BAGTA ÝAR SIZ!»

şygar bilen türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasy hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda zenanlaryň waspy, gelin-gyzlaryň önümçilikdäki we dolandyryşdaky orny, gazanan üstünlikleri, ylmy işleri, pudagyň öňdebaryjylary, ene-mamalarymyzyň miras goýan nepis we inçe sungaty, çaga terbiýesi, gaýyn-gelin, maşgala gatnaşyklary hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň, şeýle hem terjime eserleriň döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Beýleki habarlar