“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Kuala-Lumpurda dabaraly garşylandy

16 Fewral 2024
1287

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy dabara bilen garşylandy. Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.

15-nji martdan başlap, degişlilikde 289 we 368 orunlyk Boeing 777-200LR hem-de 777-300ER kysymly ýolagçy uçarlar Aşgabat we Kuala-Lumpur şäherlerine hepdede iki uçuşy ýerine ýetirerler. Aşgabatdan her hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýan bu täze ýolagçy uçar ugry Malaýziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda howa gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabatdan Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy 8 sagat 10 minut dowam edip, Malaýziýanyň paýtagtyna iň tiz amatly syýahaty üpjün edýär.

Beýleki habarlar