Hususy ulgamda belent sepgitler

10 Fewral 2024
1630

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Diýarymyzda azyk we haryt bolçulygyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

Hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar, müňlerçe adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagy esasynda ýurdumyzda döwrebap hususy önümçilikler, bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri köpelýär.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar