Gyzylgozalak

8 Fewral 2024
1286

Garagum sährasynyň gurak we yssy howasynda ýaşamaga uýgunlaşan ösümlikler tebigatyň ýowuz şertlerine çydamlylygy hem-de dermanlyk häsiýetlere eýedigi bilen tapawutlanýar. Gyzylgozalak hem ýurdumyzyň sähra ýerlerinde ösüp ýetişýän gymmatly ösümlikleriň biridir.

Ýer ýüzünde gyzylgozalak (latynça strigosella, rusça стригозелла) urugyna degişli ösümlikleriň görnüşleri giňden ýaýrandyr. Ol Ortaýer deňziniň kenarýaka sebitlerinde, Merkezi Aziýada ösýär. Türkmenistanyň çäginde Garagum sährasynda bu ösümligiň käbir görnüşleri duşýar.

Aziza FURKATŽANOWA,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar