«Ýaşyl ykdysadyýet» — ösüşiň möhüm ugry

7 Fewral 2024
1635

Garaşsyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşini gazanmaga gönükdirilen uzakmöhletleýin maksatnamalarda «ýaşyl ykdysadyýetiň» giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň möhüm ugurlary aýdyň kesgitlenilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda: «Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl ykdysadyýetiň» ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bellenilýär» diýlip aýratyn nygtalmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň dünýä we sebit ekologiýasy bilen bagly alyp barýan çäreleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolmak bilen, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan howpsuz iş şertlerini döretmegi, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegi, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy, ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, ilat arasynda ekologiýa terbiýesine düýpli üns bermegi we beýlekileri öz içine alýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar